- çeşme
- 1) Ýeriň aşagyndan özi syzyp çykýan suw, bulak.∙ Çeşme suwy oklaw ýaly okgunly akýardy. (B. Gurbanow, Duşuşyk)∙ Şarlap çeşmeleriň, kölüň-çaýlaryň, Duýdansyz geçerdi günüň-aýlaryň. (A. Kekilow, Saýlanan eserler)2) Göçme manyda Bir zadyň başlangyjy, bir zadyň emele gelýän, önýän ýeri, esasy.∙ Ylmy-pedagogik barlagyň çeşmeleri we metodlary. (I. T. Ogorodnikow, P. N. Şimbirýow, Pedagogika)3) Göçme manyda Ýazuw ýadygärlikleri, dokumentler, taryhy çeşmeleri gözden geçirmek.∙ Ylmy-barlag işiniň çeşmeleri.
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.